ESASY HABARLAR

Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty öz aýdyň beýanyny tapdy. 4-nji noýabrda döwlet Baştutanymyzyň geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň guramaçylykly geçirilmegini, oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini, kabul ediş nokatlarynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegini, ýerine ýetirilen işler üçin önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny doly ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmek tabşyryldy. Bilim, medeniýet, dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek, Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek bilen bagly aýratyn tabşyryklar berildi. 6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz prokuratura edaralary tarapyndan kanunçylygyň doly we dogry ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, “Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Milli maksatnamany” we beýleki resminamalaryň taslamalaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda taýýarlamagy tabşyrdy. 8-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Habar berlişi ýaly, kabul edilen toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 2,5 göterime, gurluşykda 10,9 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,7 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,8 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwrüne görä, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on aýynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,8 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,2 göterim artdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini belläp, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de Hasyl toýy mynasybetli, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi we mähriban halkymyzy, zähmetsöýer daýhanlary bu baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady. 16-njy noýabrdaky Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyna, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertine taýýarlyk görmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi. 8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi. Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak işinde gazanylan uly üstünliklere ýokary baha hökmünde myhman döwlet Baştutanymyza BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasyny gowşurdy. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» çäklerinde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça ýurdumyzda degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli Türkmenistanda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde raýatlygy bolmadyk 32 müňden gowrak adam ýurdumyzyň raýatlygyna kabul edildi, 5 müňden gowrak daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda, Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryny doly we üstünlikli berjaý edýändiginiň aýdyň güwäsidir. Eziz Diýarymyz BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzalygyna Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji saýlanan ýeke-täk döwlet bolup durýar. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak babatda halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklady. 9-njy noýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berip, bag nahalyny oturtdy. Bu ekologik çärä Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, halk köpçüligi gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz käbir wise-premýerler bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda bag nahallarynyň yzygiderli ekilmegi arkaly ekologik ýagdaýy gowulandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk çäresiniň çäklerinde dürli görnüşli bag nahallarynyň 539 müň 185 düýbi oturdyldy. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 67 müň 630 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. 4-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy geçirildi. Onuň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu syýasy guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Agrar partiýa milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynyň çalt depginler bilen ösdürilmegine uly goşant goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler pudakda guwandyryjy netijeleri berýär. Oba hojalyk toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna, daýhanlary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösdürilmegine gönükdirilýän döwlet goldawynyň, ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport edilýän harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmak babatda döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň azyk senagatyny ösdürmegiň, halkymyzyň ýokary hilli azyk önümlerine isleglerini kanagatlandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Ýurdumyzyň bu ulgamda gazanan üstünlikleri Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edildi. Hususan-da, Türkmenistan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gazananlary üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp boldy. Gurultaýyň dowamynda guramaçylyk meselelerine hem garaldy. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna ozal bu partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän A.Akmämmedow saýlandy. 6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň ugurdaş ylym-bilim edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini, onuň eksport mümkinçilikleriniň pugtalandyrylýandygyny bellediler. Ýer-suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Pudagy döwrüň talaplaryna laýyklykda, durnukly ösdürmek maksady bilen, sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary, ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Ýurdumyzda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa hem-de Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň hatarynda milli derejede ornaşdyran Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Foruma gatnaşyjylar «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasyny, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalaryny, şol sanda takyk ekerançylyk ulgamlaryny pudaga giňden ornaşdyrmagyň, degişli amallary awtomatlaşdyrmagyň, oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe-ykdysady taýdan höweslendirmegiň, bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra halkara ylmy-amaly maslahat öz işini «Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa», «Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematika ylymlary, agroinženerçilik», «Azyk senagaty, suw hojalygynda innowasion tehnologiýalar, zootehniýa we weterinar lukmançylygy, ýeňil senagat» atly bölümçelerde dowam etdi. 8-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu giň gerimli çäräniň baş maksady Merkezi Aziýada «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybarat boldy. Türkmenistan dünýäde raýatsyzlygy aradan aýran ýurtlaryň biri bolmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydygyny aýdyňlygy bilen subut edýär hem-de bu ynsanperwer meseläni çözmäge başlangyçly çemeleşýär. Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabatda raýatlygy bolmadyk adamlaryň 1146-syna Türkmenistanyň pasportynyň gowşurylmagy ýurdumyzda raýatsyzlygyň soňuna çykmaga mümkinçilik berdi. Bu babatda Türkmenistana BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasynyň gowşurylmagy hem raýatsyzlyk bilen bagly ählumumy meseläni çözmekde ýurdumyzyň goşandyna berlen ýokary baha boldy. Bellenilişi ýaly, sebitiň döwletleriniň gazanan üstünligi raýatlygy bolmadyk adamlar üçin çäreleriň toplumyndan ybaratdyr. Munuň özi geljek nesiller üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Merkezi Aziýanyň raýatsyzlyk bilen bagly ähli meseleleri çözen dünýädäki ilkinji sebit bolup biljekdigi çaklanylýar. Raýatsyzlyga garşy göreşmek babatda tagallalar we borçnamalar BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan «#IBelong» başlangyjynyň anyk üstünlikleriniň esasynda 14-nji oktýabrda işe goýberilen Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ählumumy bileleşigiň çäklerinde dowam etdiriler. Türkmenistanyň bu meselede hem öňdebaryjylyk görkezip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup täze bileleşige goşulandygyny bellemek gerek. Geçen ýekşenbede Watanymyzyň ähli welaýatlarynda we Arkadag şäherinde türkmen topragynyň sahawatyny hem-de ýerden bol hasyl alýan daýhanlaryň halal zähmetini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde açyk asmanyň astynda ýurdumyzyň oba hojalygynda we gaýtadan işleýän senagatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan sergi guraldy, şeýle hem döwrebap oba hojalyk tehnikalary görkezildi. Hasyl toýunyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde we ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Balkan welaýatynyň pagtaçy daýhanlary Hasyl toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Olar pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirip, 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Hasyl toýy mynasybetli oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize 2021-nji ýylda doglan, Keremli atly mele reňkli ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi. Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatynyň, düýpli özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Watanymyzy gülläp ösýän döwlete öwürmek, halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek bu özgertmeleriň baş maksadydyr.