Biz barada
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi öňki Andreý raýony ady bilen 1938-nji ýylyň oktýabr aýynda döredilip, 1957-nji ýylyň iýun aýynda Lenin raýon adyna üytgedilen.Türkmenistanyň Mejlisiniň 1993-nji ýylyň sentýabr aýynyň 14-indäki 854-ХII-belgili karary esasynda Lenin raýonyň ady üýtgedilip Aşgabat şäheriniň Prezident Nyýazow adyndaky etraby diýip atlandyrylan. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň iýun aýynyň 08-indäki 13050-belgili karary esasynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etraby diýip atlandyryldy. Aşgabat şäheriniň öňki Ruhabat etraby Türkmenistanyň Mejlisiniň 2018-nji ýylyň 05-nji ýanwaryndaky №687-V “Aşgabat şäheriniň dolandyryş–çäk bölünşiginiň meseleleri hakynda” kararyna laýyklykda,Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 06-njy ýanwaryndaky 547 belgili “Aşgabat şäheriniň käbir etrap häkimlikleriniň meseleleri hakyndaky” karary esasynda ýapylyp Bagtyýarlyk etrabynyň çägine birikdirildi. Etrabyň umumy tutýan meýdany 2722 gektardan ybaratdyr, ýa-da Aşgabat şäheriniň 29,76 % ýerini tutýar. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi Aşgabat şäher häkimligine degişli bolan döwlet edarasy bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarynyň, we Aşgabat şäher häkiminiň kararlaryny hem-de buýruklaryny şeýlede tabşyryklaryny ýerine ýetirýär. Şeýle-de Eziz Watanymyzyň ýüregi bolan paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Hormatly Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen berkarar Diýarymyzda amal edilýän beýik işleriň ähmiýeti esasynda örän çalt depginlerde ösüşlere eýe bolmagyna we dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäher bolup, parahatçylyk dörediji merkez hökümünde abraýyny barha artdyrmakda edilýän işleri durmuşa geçirmek boýunça işleri amala aşyrýar. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly sebitiň merjen şäherine öwrülýän Aşgabat ata Watanymyzyň abraý-mertebesi,halkymyzyň buýsanjydyr. Aşgabadyň ösüşleriniň özboluşlylygy toplumlaýyn häsiýete eýeligindedir. Eziz paýtagtymyz indi dünýäniň üns merkezinde. Şäher düzüminiň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, binagärlik özboluşlulygy türkmen paýtagtynyň abraý-mertebesini Arşa galdyrdy. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Bu ýerde şäher ilaty üçin ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän amatlyklar,oňyn şertler üpjün edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda tutuş etraplar, onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyryldy.Täze ýaşaýyş toplumlary emele geldi. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe toplumlar döredildi. Paýtagtymyzdaky köpsanly binalar halkara derejesinde geçirilen binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy. Olaryň ençemesi Ginnesiň Bütindünyä rekordlar kitabyna girizildi. Şol binalaryň toplumlaryndan hem dürli öwüşgünli çyralar bilen şöhlelendirilen Oguzhan atamyzyň we onuň ogullarynyň heýkelleri ýerleşdirilen suw çüwdürimleri toplumy, “Bagt köşginiň” binasy we Aşgabadyň Halkara Howa Menzili etrabyň çäginde ýerleşýär. Mundan başgada Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly çäreler gurnalyp, açylan gözel paýtagtymyzyň 16-njy tapgyryny ösdürmek boýunça gurulyp ulanylmaga berilen ýaşaýyş jaý toplumlary halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Halkyň hyzmatyna hödürlenen täze desgalaryň hatarynda aýna ýaly döwrebap ýollar, müňden gowrak maşgala niýetlenen ähli amatlyklary özünde jemleýän häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, milliligi alamatlandyrýan türkmen alabaýynyň heýkeli, şeýle hem “Gül zemin” söwda dynç alyş merkezi bar. Ýaşamak üçin ähli şertler döredilen bu binalarda “akylly öý” intellektual ulgamy ornaşdyrylandyr. Öýlerde ähli elektrik enjamlaryny uzak aralykdan, smartfon ýa-da ses buýrugy arkaly dolandyrmak mümkinçiligi bar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda ähli pudaklaryň we ulgamlaryň özgerdilýändiginiň beýanydyr. Goý Hormatly Prezidentimiziň binagärlik yhlasy bilen eziz paýtagtymyz Aşgabat mundan beýläk hem pajarlap össün! Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, zamanamyzyň Beýik Binagäri Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary hemişe rowaç alsyn!