«Arkadag» bilen «Al-Nassr» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyga gelen janköýerleriň stadiondaky oturmaly ýerlerini çalt we amatly tapmagy üçin degişli maglumatlar berilýär. Peteklerde görkezilen sektoryň san belgisi stadiona haýsy girelgäniň has amatlydygyny kesgitleýär. Stadionyň ähli daş-töwereginde ýerleşdirilen girelgeleriň her biriniň diwarynda onuň haýsy sektorlara eltýändigini görkezýän uly san belgiler ýerleşdirilendir. Şeýle-de sektoryň san belgisi janköýerlere orunlarynyň haýsy gatda ýerleşýändigini hem aňladýar. Eger san belgisi 1-lik bilen başlanýan bolsa, orunlar birinji gatda, 2-lik bilen başlanýan bolsa, ikinji gatda, 3-lük bilen başlanýan bolsa, üçünji gatda ýerleşýär. Şoňa görä-de, degişli basgançaklardan ýokary galmak zerur bolýar. Eger-de janköýerler orunlaryny tapmakda kynçylyk çekseler, stadionyň ähli ýerinde hyzmatda boljak ýüzlerçe meýletinçiler gysga wagtyň içinde zerur kömegi bererler.
Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» («CIET-2024») halkara maslahaty we sergisi geçiriler
02.11.2024
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanyp
17.02.2024
"Ak şäherim Aşgabat" atly XXIII köpugurly halkara sergisi geçirilýär.
02.05.2024