11-nji fewralda paýtagtymyzyň 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda Türkmenistanyň «Arkadag» hem-de Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparlarynyň arasynda taryhy futbol duşuşygy geçiriler. Guramaçylar janköýerleriň oýundan doly lezzet almagy we stadionyň infrastrukturasyny netijeli ulanmagy üçin ähli şertleri döretdiler. Tomaşaçylaryň amatlylygy üçin stadionyň içinde we daşynda giňişleýin hyzmat ulgamy ýola goýuldy. Stadionyň birinji we üçünji gatlarynda jemi 39 sany iýmit we içgi nokady janköýerlere hyzmat eder. Şeýle-de stadionyň daşky çäginde 2 sany açyk jemgyýetçilik iýmiti nokady we 3 sany sowgatlyk harytlar dükany açylar. Bu nokatlarda hödürlenýän suw, çaý, kofe, hot-dog we beýleki çörek önümleri ýörite laboratoriýa barlaglaryndan geçirildi we halkara howpsuzlyk talaplaryna doly laýyk gelýär. Janköýerleriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) we stadionyň içerki düzgünlerine laýyklykda birnäçe çäklendirmeler hem girizildi. Stadionyň çägine öz ýanyň bilen iýmit we içgi getirmek, şeýle hem daşardan getirilen dürli etiketkaly önümleri geçirmek berk gadagan edilýär. Kadalara laýyk gelmeýän zatlar howpsuzlyk gullugy tarapyndan saklanyp bilner.
Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» («CIET-2024») halkara maslahaty we sergisi geçiriler
02.11.2024
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanyp
17.02.2024
"Ak şäherim Aşgabat" atly XXIII köpugurly halkara sergisi geçirilýär.
02.05.2024