Geçirlen çäreler

Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Garadaşaýak” ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň açylyş dabarasy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan giň gerimli çäreleriň üstüni ýetirdi.

Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Garadaşaýak” ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň açylyş dabarasy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan giň gerimli çäreleriň üstüni ýetirdi. Oňa şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, saglygy goraýyş işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Ýygnananlar medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa etdiler. Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünlikleriniň mizemez binýadynyň adam hakyndaky aladadan gözbaş alýandygyny bellediler. Şunda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramagyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap saglyk merkezleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Muňa ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň ulgama degişli iri desgalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna beslenmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary ornaşdyrylan döwrebap saglyk öýleri ilatyň saglygyna yzygiderli lukmançylyk gözegçiligini amala aşyrmakda, keselleriň öňüni almakda, gaýragoýulmasyz lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde, saglyk babatda adamlar bilen saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwrebap saglyk öýüniň toý bagy kesildi. Saglyk öýüniň desgalar toplumynyň gurluşygy ýerli gurluşyk kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilip, onuň esasy binasy iki gatdan ybaratdyr. Bu ýerde daşary döwletleriň iri önüm öndürijileriniň kämil lukmançylyk we tehniki enjamlary ornaşdyryldy. Saglyk öýünde Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň çagyryş gullugy, şöhle bilen anyklaýyş, barlaghana, aýallara maslahat beriş, anyklaýyş we maslahat beriş, maşgala lukmanlar, dolandyryş, fiziobejeriş, dezinfeksiýa we sterilizasiýa bölümleri bar. Saglygy goraýyş işgärleri bu bölümleriň otaglarynda ornaşdyrylan enjamlar, olaryň aýratynlyklary barada dabara gatnaşyjylary ýakyndan tanyşdyrdylar. Meselem, oftalmolog lukmanynyň otagynda Ýaponiýanyň “Topcon Healthcare” kompaniýasynyň «KR-800» häzirki zaman oftalmologik anyklaýyş we bejeriş enjamlar toplumy ornaşdyrylypdyr. Ol gözüň görüş derejesini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir. Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň önümi bolan «Healthineers AG Acuson NX3» ultrases lukmançylyk enjamy ultrases barlaglaryny geçirmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Fiziobejergi bölüminde kesellemezden öň bedende döreýän üýtgeşmeleri öwrenmek, alnan netijeleriň esasynda öňüni alyş çärelerini geçirmek üçin ähli şertler bar.